Magtymguly Pyragy - Baka-baka gider sen / Turkmen Goshgy / Туркмен гошгы

12+
12+

день назад

ПожаловатьсяНарушение авторских прав
12+
12+

день назад

ПожаловатьсяНарушение авторских прав
12+
12+

день назад

#nesihat #magtymguly Baka-baka gider sen Panydan bakyýa göç-hä göç bolsa, Telmuryban, baka-baka gider sen. Ajal jamyn berip, iç-hä iç bolsa, Jan ajygyn çeke-çeke gider sen. Oglanlaryň durar zary-girýana, Egsikler saç ýaýar, düşer lerzana, Malyň kysmat bolup girer talaňa, Eliň ýuwup, çyka-çyka gider sen. Mal üçin ynjydyp gardaş-doganyň, Az bildiň tylladan satyp-sowanyň, Paýlaşarlar halal-haram ýyganyň, Sen azabyn çeke-çeke gider sen. Bu dünýäden barsaň ol dünýä, gardaş, Näler görejekdir bu şum gara baş, Haýyr gazan, bolar ýanyňa ýoldaş, Ýogsa gabra ýeke-ýeke gider sen. Adam ogly ýada salsa asylyn, Kaza goýmuş ajal atly masylyn, Aklyň bolsa kyýamatyň hasylyn, Bu dünýäde eke-eke gider sen. Jahanda görkezer gudrat işleri, Ganatyň kuwwty galdyr guşlary, Ýigitligiň zory syndyr daşlary, Kyrkdan aşdyň, çöke-çöke gider sen. Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerne, Kim bar sözletmäge eltip nazarna, Hiç rowaç tapmadyň sözüň bazarna, Hyrydarsyz, döke-döke gider sen.

Название:

Magtymguly Pyragy - Baka-baka gider sen / Turkmen Goshgy / Туркмен гошгы

Категория:

Разное