Türkmen dili sapak. Turkmen language class. Урок туркменского языка.
Türkmen dilini öwrenýän talyplar gepleşik ukyplaryny kämilleşdirýärler. In this video, two students learning the Turkmen language practice their conversational skills. В этом видео, два студента изучающих туркменский язык, практикуют разговорную речь. Текст диалога с вопросами ниже: The dialogue text with questions are below: (Answers of the questions will be in the next video) Ellery: Salam Jessy. Jessy: Salam Ellery. Ellery: Sen bu gün okuwa gelmediň. Gowumy ýagdaýlaryň? Men alada etdim. Jessy: Hawa, men bu gün ýaramadym. Şu wagt gowulaşdym. Sen nähili? Ellery: Men gowy. Jessy: Bu gün okuwda näme etdiňiz? Ellery: Matematikadan barlag iş boldy. Taryhda ýewropanyň taryhyny, edebiýatda Gurbannazar Ezizowyň döredijiligini geçdik. Jessy: Matematikadan barlag iş nähili geçdi? Ellery: Kyn däl, geçen zatlarymyz. Soraglaryň ählisine jogap berdim. Tas ýatdan çykypdy, sapaklaryň täze tertibini (raspisaniýasyny) bilýärmisiň? Jessy: Ýok, nähili sapaklar bar? Näme üýtgeşme girizildi? Ellery: Ertir fizika, himiýa we bedenterbiýe bar. Birigün edebiýat dersinden düzme ýazmaly. Sen taýynmy? Jessy: Hawa, şu gün biraz okadym. Ellery: Bolýar. Görüşeris. Özüňe gowy seret. Jessy: Sag bol, Taňry ýalkasyn. Görüşeris. Questions: 1. Jessy näme üçin okuwa barmady? 2. Edebiýat sapagynda haçan düzme ýazmaly? 3. Ertir haýsy sapaklar bar? 4. Jessy düzme ýazmaga taýynmy? 5. Matematikada barlag iş kyn boldumy? 6. Taryhda näme öwrendiler? 7. Ellery Jessy barada alada etdimi?
Название:
Türkmen dili sapak. Turkmen language class. Урок туркменского языка.
Категория:
Разное